(Translated by https://www.hiragana.jp/)
Ferdöwsi - Wikipediýa Mazmuna geçiň

Ferdöwsi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ferdöwsi
Ferdosi
فردوسی
Doglan wagty we ýeri940
Tus, Samaniler
Aradan çykan wagty we ýeri1020
Tus, Gaznalylar
KäriŞahyr
Diligadymy Pars dili
PeriýodSamaniler we Gaznalylar

Abul­ka­sym Man­sur Ha­san Fer­döw­si, "Şanama" eseriniň awtory, şahyr. Tak­my­nan 933-nji ýyl­da Ho­ra­sa­nyň ga­dy­my şä­he­ri Tus­da daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ça­ga­lyk we ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ýok di­ýen ýa­ly­dyr. Gowy bilim alan we Parsçany we Arapçany suwara bilipdir. Döwürdeşleri oňa "häkim" tahallusyny beripdir. Ferdöwsi uzak wagt Gaznada ýaşan we Soltan Mahmyt Gaznawynyň hyzmatynda bolan. 1020-nji ýyl­da ara­dan çyk­dy. Şa­hy­ryň ma­za­ry­na 1935-nji ýyl­da dog­lan gü­nü­niň 1000 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ka­şaň aram­gäh gu­ruldy.

Epi­ki poe­ma “Şa­na­ma­nyň” aw­to­ry Abul­ka­sym Man­sur Ha­san Fer­döw­si bi­ziň se­bit­le­ri­miz­de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Fer­döw­si tak­my­nan, 933-nji ýyl­da Ho­ra­sa­nyň ga­dy­my şä­he­ri Tus­da daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň ça­ga­lyk we ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ýok di­ýen ýa­ly­dyr. Ol öz döw­rüniň go­wy bi­li­mi­ni alyp, şol döw­rüň ede­bi dil­le­ri – pars­ça we arap­ça su­wa­ra gür­läp ba­şa­ryp­dyr. Fer­döw­si yl­ma aý­ra­tyn hor­mat go­ýup­dyr. Oňa dö­wür­deş­le­ri çuň­ňur we giň bi­li­mi üçin, “hä­kim” ýag­ny akyl­dar ta­hal­lu­sy­ny be­rip­dir­ler.

Fer­döw­si uzak wagt­lap Gaz­na­da ýa­şap, Sol­tan Mah­myt Gaz­na­wy­nyň hyz­ma­tyn­da bol­ýar. Ol “Şa­na­ma­ny” hem oňa ba­gyş­lap ýaz­ýar. Onuň mes­ne­wi ga­ly­byn­da­ky “Şa­na­ma” epo­sy möç­be­ri bo­ýun­ça ju­da uly eser­dir. Dür­li ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, Fer­döw­si bu gah­ry­man­çy­lyk­ly ese­ri­ni ýaz­ma­ga öm­rü­niň 35 ýy­ly­ny sarp edip­dir. “Şa­na­ma” giň we sal­dam­ly ta­ry­hy eser bo­lup, adam­zat jem­gy­ýe­ti dö­rän­den soň il­kin­ji pa­ty­şa Ke­ýu­mer­siň pa­ty­şa­lyk eden döw­ri ba­ra­da­ky kys­sa bi­len baş­lan­ýar. Uly göw­rüm­li ese­riň gah­ry­man­çy­lyk­ly bö­lü­min­de päl­wan Za­lyň we onuň og­ly Rüs­te­miň gah­ry­man­çy­ly­gy hem-de ola­ryň deň­siz-taý­syz güýç­le­ri ba­ra­da söh­bet edil­ýär. Sy­ýa­wuş ha­kyn­da­ky he­ka­ýa­da bol­sa, Wa­tan go­ra­gy da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar.

Şol za­ma­nyň şa­hyr­la­ry­nyň mil­li dü­şün­je­le­ri­niň ös­me­gi bi­len öz ta­ry­hy geç­mi­şi­ne gy­zyk­lan­ma­gy, ola­ra tä­ze­çe çe­me­leş­mä­ge bo­lan is­le­gi bar­ha art­ýar. Şeý­le­lik­de, ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ryň do­ly ýy­gyn­dy­sy­ny taý­ýar­la­mak üçin bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­lar edil­ýär, ýö­ne has uly tu­tan­ýer­li­li­gi ta­lap ed­ýän bu işiň höt­de­sin­den di­ňe Abul­ka­sym Fer­döw­si gel­ýär. Ol Eý­ra­nyň ta­ry­hy ro­wa­ýat­la­ry­ny do­lu­ly­gy­na şy­gyr gör­nü­şin­de be­ýan et­me­li di­ýen ne­ti­jä gel­ýär. “Şa­na­ma” 60 müň beýt­den yba­rat bo­lup, Eý­ra­nyň 53 hö­küm­da­ry­nyň pa­ty­şa­lyk eden döw­rü­ni öz içi­ne al­ýar. Fer­döw­si­niň özi poe­ma­sy­nyň di­ňe şa­lyk­lar ba­ra­da­dy­gy­ny öňe sür­se-de, ede­bi­ýat­çy­lar aw­to­ryň ula­nan çeş­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ony üç sa­ny uly ug­ra – mi­fo­lo­gik, ro­wa­ýa­ty we ta­ry­hy şa­ha­la­ra böl­ýär­ler. Fer­döw­si res­mi sa­sa­nid ta­ry­hy çeş­me­le­ri­ne sal­gy­la­nyp, pa­ty­şa­ly­gy Peş­da­di­ler, Ke­ýa­ni­ler, Eş­ka­ni­ler, Sa­sa­ni­ler ýa­ly 4 ha­na­dan­ly­ga böl­ýär. “Şa­na­ma­da” sö­züň ha­ky­ky ma­ny­syn­da­ky ju­da tä­sin hy­ýa­ly dün­ýä bar. “Şa­na­ma” dur­şu­na gün­do­gar ro­wa­ýa­ty. Hut şo­nuň üçi­nem ol gy­zyk­ly, gö­wün­le­re ga­nat ber­ýän aja­ýyp eser­dir.

Be­ýik şa­hyr 1020-nji ýyl­da ara­dan çyk­ýar. Şa­hy­ryň ma­za­ry­na 1935-nji ýyl­da dog­lan gü­nü­niň 1000 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ka­şaň aram­gäh gu­rul­ýar.

Şahyryň aramgähi abatlanylýar

Eýran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ha­ba­rla­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Fer­döw­si­niň aram­gä­hi­ni abat­la­mak mak­sa­dy bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni mi­ras, se­net­çi­lik we sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan Ma­şa­dyň go­la­ýyn­da­ky Tus şä­he­ri­niň me­de­ni mi­ras top­lu­myn­da iri tas­la­ma ama­la aşy­ryl­ýar. Bu tas­la­ma Tus şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Abul­ka­sym Man­sur Ha­san Fer­döw­si­niň aram­gä­hi­ni we onuň ýa­na­şyk ýe­rin­dä­ki 6 gek­tar­dan yba­rat me­de­ni mi­ras top­lu­my­ny öz içi­ne alyp, ýa­kyn gün­ler­de ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Taryhy işleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Fer­döw­si res­mi sa­sa­nid ta­ry­hy çeş­me­le­ri­ne sal­gy­la­nyp, pa­ty­şa­ly­gy Peş­da­di­ler, Ke­ýa­ni­ler, Eş­ka­ni­ler, Sa­sa­ni­ler ýa­ly 4 ha­na­dan­ly­ga böl­ýär.

Gündogaryň beýik şahyry Archived 2019-03-30 at the Wayback Machine - Zaman Türkmenistan, 24/06/2018. 12/08/2018 senesinde ulaşyldy.