(Translated by https://www.hiragana.jp/)
Küşt - Wikipediýa Mazmuna geçiň

Küşt

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Styyx (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 23:30, 15 fewral 2024 seneli wersiýa

Küşt
Küşdüñ Daşlary

Strategiýa Oýny
 Oýnuň meşhurlugy 6-njy asyr-häzirki döwür
 Dolandyryjy Emin agzalar
 - Oýunçy Sany 2
 - Oýnuň wagty Soňsuz ýada wagtly
 Web-saýty http://www.fide.com

Küşt örän çylşyrymly strategiýa oýny bolup, aýratyn düzgün boýunça 64 öýli tagtada 32 sany ak we gara mally oýnalýan oýun. Dünýäde küşt ýaryşlary geçirilýär we ol sportuň bir görnüşi hasaplanýar. Küşt oýununa könelerimiz beýniniň gimnastikasy hem diýipdirler. Küşt oýnunda Türkmen türgenleri uly abraýa eýedir. Türkmenistanda abraýly uly küşt ussatlary bardyr. Mesgen Amanow, Maksat Atabaýew, Meýlis Annaberdiýew, Orazly Annageldiýew, Hanjar Ödäýew ýaly örän ussat küştçüleri mysal bermek bolar. Küşt tagtasy diýlen 8×8 bolan dörtburç tagtanyň üstünde oýnalýar. Jemi 64 sany dörtburçlugyň (öýjügiň) 32 sany gara, 32 sany hem ak reňkli bolýar. Küştçileriň biri aklary, beýlekisem garalary alýar we bir gezekde diňe bir göçüm edip bilýär.

Küştüň Daşlary

  • Ş = Şa
  • Pr = Perzi
  • R = Ruh
  • P = Pil
  • A = At
  • Hiç hili harp goýulmaýar =
  • = Pyýada

Küşt Oýnunda Daşlaryň Göçüm Kadalary

Şa şeýle göçüp bilýär
Ruh şeýle göçüp bilýär
Pil şeýle göçüp bilýär
Perzi şeýle göçüp bilýär
At şeýle göçüp bilýär
Pyýada şeýle göçüp bilýär (●). Mal alanda bolsa, şeýle alýar (×)
  • Rokirowka edip bilmek üçin şa birinji göçümini göçmedik bolmaly.
  • Rokirowka edip bilmek üçin şa bilen ruhuň arasynda başga daş bolmaly däl.
  • Garşydaşyň malynyň bir ujy şa bilen ruhuň arasyna düşse rokirowka bolmaýar.

Oýuna Başlamazdan Öň Daşlaryň Düzülişi

Oýuna başlamazdan öñ daşlaryň düzülüşü
  • Oýunyň başynda birinji göçüm hemişe aklaryňkydyr.

Daşarky çykgytlar