(Translated by https://www.hiragana.jp/)
Wikipediýa:Çeşme görkezme - Wikipediýa Mazmuna geçiň

Wikipediýa:Çeşme görkezme

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Çeşme görkezmek sahypasy Wikipediýada makalalara sitata, salgylanma we çeşme nähili goşulmalydygyny görkezýän gollanma we ýörelgedir. Makala ýazylýarka gerekli ýerlerde çeşme görkezmek Wikipediýanyň Elin agtaryş gadagan we Tassyklama kadalary sebäpli hökmanydyr. Wikipediýada ygtybarly çeşmä esaslanmaýan islendik bir maglumat ulanyjylar tarapyndan öçürilip biliner.

Çeşme görkezilmegi hökmany ýagdaýlar

[çeşmäni düzet]

Biri sitirlenende

[çeşmäni düzet]

Neşir edilen material sitirlenende çeşme hökman görkezilmeli, çeşme sitatanyň yz ýany bilen görkezilmelidir. Sitatanyň özi goşa dyrnak içinde, "şeýle," ýa-da bir sitatanyň içinde sitata edilen bolsa bir dyrnak içinde ýazylmalydyr. Mysal üçin: "Ine bu mysal görkezmek üçin 'sitata' edilen."

Bir mazmuny tassyklamak üçin

[çeşmäni düzet]

Ýazan mazmunyňyz elin ýazylmadyk, göçürilen hem bolsa çeşmä salgylanylmalydyr.

Jedelli mazmun

[çeşmäni düzet]

Jedelli mazmun şo bada öçürilip biliner çeşmä salgylanmaýan bolsa ýa-da çeşme talap edilip biliner. Esassyz mazmunyň yzyna {{fakt}} ýazmak bilen çeşme talap edilip biliner.

Çeşmä salgylanmaýan mazmun sahypasynda bolsa şo bada göni öçürilmelidir.

Çeşmäniň aslyny beýan etmek

[çeşmäni düzet]

Haýsydyr bir internet saýtyna salgylanylanda o internet saýty mazmunyň çeşmesi hökmünde haýsydyr bir kitaby görkezýän bolsa diňe kitap adyny görkezmek bilen çäklenmäň, internet saýtyny hem paýlaşyň çeşme kysmynda. Eger göni kitabyň özüne seredip kitaba salgylanan bolsaňyz diňe kitaby görkezmek ýeterlikdir.

Haýsy çeşmelerden peýdalanylmaly

[çeşmäni düzet]

Serediň: Ygtybarly çeşmeler